• 17:42Arkadagly zamana – belent ylham ynsana

    Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna gelen gününden bäri ata Watanymyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde geçilen ýüz asyrlyk ýol döwletimizde bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmaklykda ädilen Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň hem-de häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda dowam edip duran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatyny esaslandyrdy we onuň many-mazmun taýdan düýpli özgermegine, baýlaşmagyna diýseň uly täsir etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, berkarar döwletimiziň ykdysady galkynyşlaryndaky batly gadamlar, henize çenli görlüp-eşidilmedik özgerişlikler we öňegidişlikler häzirki zaman edebiýatynyň publisistika žanrynyň ganatyny giň germegine uly mümkinçilikler döretdi. Bu žanryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli formada teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrülendigini Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň “Dünýä ýollar salan ädimleriňden”, “Barlygyňda arkaýyn biz Arkadag”, “Ýedi binaň – ýedi bagtyň Arkadag”, “Ömürlere özüň derman Arkadag”, “Beýik ýoly bina kylan Arkadag”, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň “Döwletli”, “Maryda iki gün”, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hemraguly Hudaýgulyýewiň “Arkadag bile”, Süleýman Ilamanowyň “Arkadagyň nurly paýhas ummany”, häzirki zaman edebiýatynyň ýaş parlak ýyldyzy Kakamyrat Rejebowyň “Döwletli döwran” atly uly göwrümli poemalary hem aýan edýär.Hut şu nukdaýnazaryň özi, çeper şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan edýär. Şeýlelikde, häzirki zaman edebiýatynda täze bir ykdysady lirika kemala gelip, publisistiki eserleriniň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy. Söýgi lirikasynda Watana söýgi, ata-enä söýgi, söwer ýara söýgi, perzende söýgi, dost-ýara söýgi temasynda goşgularyň bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky we ş.m öz-gertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi: 1. Nebit-gaz pudagyna degişli ykdysady lirikadaky goşgular:Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine bagyşlap Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Asly barly, nebit gazly Watanym”, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Samandepe”, Süleýman Ilamanow “Türkmen gazy – dünýäň ýazy”, Ahmet Mämmedow “Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi” atly goşgularyny, Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisine bagyşlap Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Mähir bolup akýar türkmeniň gazy” Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hemraguly Hudaýgulyýew “Sarahsdan Hangerana gaz akýar” atly şygyrlaryny, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Döwletli diýarym, baýly-gym barym”, Ahmet Mämmedow “Mawy gazym lowurda”, Nowruz Gurban-myradow “Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat” atly goşgularyny, Belek gaz gysyjy bekedi barada Nowruz Gurbanmyradow “Belek” atly şygryny, “Galkynyş” gaz käni barada şygryýet şygryýet äleminiň ýaş parlak ýyldyzy Kakamyrat Rejebow “Döwletli-döwran” poemasyny ýazdy. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda amala aşyrýan işleri häzirki zaman edebiýatynda taryhylygy emele getirdi. 2. Oba hojalygyna degişli ykdysady lirikadaky goşgular: Ruhubelent etraby barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Galkynyşa ganat bu”, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Annamyradow “Ruhubelent etraby”, Miwe Tuwakbaýewa “Ruhubelent ýaýlasy”, “Bugdaý sünbülleri Ruhube-lendiň” atly şygyrlaryny, Döwletli etraby barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Döwletliden döwlet tapan döwletli”, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Döwletli” atly şygryny, Altyn sähra etraby barada-da Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Maryda iki gün” poemasy-ny, Ata Täzebaýew “Altyn sähra etrabym”, “Altyn sähram”, “Nurana agşam” atly şygyrlaryny ýazdylar. “Altyn asyr” Türkmen köli barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Sary sähraň ýaşyl göli” poemasyny, Süleýman Ilamanow “Altyn köl”, Tagangül Taganowa “Altyn asyr köli”, Allaýar Çüriýew “Türkmen köli”, Aýjemal Omarowa “Garagumuň göwheri” atly şygyrlaryny, dur-ky täzelenen Babaarap obasy barada Türkmenis-tanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa “Babaarap obasy”, Oguljemal Çaryýewa “Babaarap Gülşeni” atly goşgularyny, Garlyk şäherçesi barada Akmyrat Rejebow “Garlyk galkynýar”, Tegangül Taganowa “Mähribanlyk”, Bäşim Ataýew “Il bile” atly şygyrlaryny, häzirki zamanamyzda “Bagtyýarlyk” şäherçesi diýip döwrebap ada eýe bolan Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesi barada Süleýman Ilamanow “Şa gadamyň gudraty”, Nowruz Gurbanmyradow “Şa gadamyň bagt eçilýär, Arkadag” atly goşgularyny döretdiler. 3. Ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ykdysady lirikdaky goşgular: Paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly barada Süleýman Ilamanow “Arkadagyň ak ýollary nurana” şygryny, Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa “Beýik köpri”, Süleýman Ilamanow “Köňülleriň köprüsi” atly goşgularyny, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew “Demir ýoly – ömür ýoly”, Döwletgeldi Annamy-radow „Dostluk ýollary“,Seýitmämmet Hydyrow “Beýik ýüpek ýolunyň parça-sy”,Mämmetnazar Babanazarow „Ady ak ýollara ýaraşan Watan“, Hojaberdi Baýramow „Watanyň biliniň polat guşagy“atly şygyrlaryny,Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýoly barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew “Geljege barýan ýol” , Begenç Baýnepesow bolsa „Halklaryň dostlugy“ atly goşgularyny, ýurdumyzda hereket edýän häzirki zaman täze demir ýol otlulary barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa “ Ak ýollar, aýdyň ýollar” atly şygryny ýazdy. 4. Milli syýahatçylyk ulgamyna degişli ykdysady lirikadaky goşgular: Awaza milli syýahatçylyk zolagy barada Ahmet Mämmedow “Awazanyň gijeleri”, Hudaýguly Gurbanow “Awazanyň aýdymyndan doýma ýok”, Amanmyrat Maýew “Awaza”, Eziz Ykbal “Gözel mekan Awazada” atly şygyrlaryny döretdiler. Diýmek, ykdysady lirikada döredilen şygyrlar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrylan uly ykdysady öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň çeper şygryýetde täze bir hile eýe bolan temany we ideýany döredenligini mälim etdi. Şeýle-de, ol ata Watanymyz Türkmenistana bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmaklykda esaslandyrylan iki sany täze zamanany – ozalky Beýik Galkynyş eýýamyny hem-de häzirki Bagtyýarlyk döwrüni yglan eden we şu döwürlerdäki ýurdumyzyň uly ykdysady-syýasy ösüşlerini amala aşyran hormatly Prezidentimize bolan çäksiz minnetdarlygyň şu döwrüň şygryýetiniň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezdi. Bulardan başga-da, ykdysady lirikadaky goşgular döredilen döwrüniň çeper şygryýetinde Garaşsyz baky Bitarap Türkme-nistan döwletine, hormatly Arkadagymyza günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çykanlygyny aýan edýär.Ýeri gelende aýtsak, zamanamyzyň milli söz sungatynyň beýik Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eýýamynyň ýüzüni şöhlelendirip, döwrüň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly şygryýete täze bir temany getirdi. Ol tema şu günüň möhüm temasy bolup durýar. Çünki ol tema – beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly „ak“ pelsepesidir.Gözel Şagulyýewanyň häzirki döwrüň edebiýatyna getiren bu pelsepesi bolsa zamananyň şahyr nesli üçin hamyrmaýa gönezligi boldy. Çünki, munuň özi döwrümiziň şahyr halky üçin özboluşly bir tema täzeçilligidir. Olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary bilen,häzirki zamana-myzyň şygryýetinde „ak“ pelsepesini wasp edýän täze bir liriki gahrymanam geldi. Has dogrusy, döwrümiziň şahyrlary biziň hormatly Arkadagymyz bilen ak daňlara, ak ertelere barýan, ösýän, geljekde mundan-da batly ösjek Watanymyzyň ak ýollarynywasp edýän bir liriki gahrymany şygryýetimize getirdi. Bu ýagdaýy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Aýjemal Omarowanyň Garlyk şäheri barada ýazan “Berkararlyk aýdymy” atly şygrynyň: Adyň Garlyk, sen –aklygyň şäheri, Arkadagdan gülläp ösýän badyň bar. Garlyk diýmek aňladýar ol aklygy, Garlyk diýmek – rysgal, döwlet, bereket... – diýen, häzirki zaman türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Kakamyrat Rejebowyň“Awaza” barada ýazan “Ak, Awaza” atly goşgusynyň: Ynha, ak “Awazaň”! Synla, Arkadag! Dumly-duşda nurly köňlüň şuglasy! Ylham tapan gijeleriň joşguny, Ak daňlaryň gaýmak bolup çogmasy! – diýen setirlerinde-de anyk-aýdyň görmek bolýar.Diýmek, Gahryman Arkadagly zamanamyzyň çeper şygryýetinde aklyk simwolik pelsepesi ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýär. Munuň özi häzirki döwrüň şygryýetinde diňe bir täzelik bolman, eýsem uly bir öňegidişlikdir we çeperçilik hildir. Hut şu nukdaýna-zardan, Gahryman Arkadagly zamanamyzyň şygryýeti hormatly Prezidentimiziň „ak“ pelsepesinden uj alýanbeýik-beýik işlerine, ak ýol bilen barýan Watanymy-zyň ak ertelerine halkymyzda, okyjylarda, şygryýet muşdaklarynda guwanmak-buýsanmak duýgusyny has-da ösdürip, Watana, ak ertelere bolan çäksiz söýgüni oýarýan, şeýle gowy hyzmatlary ýerine ýetirýän täsin şygryýetdir. Toýly Jänädow Edit 04.10.2021 17:42, edebiyatçi

  • 14:46Garaşsyzlyk – döredijiligiň ylham gönezligi

    Garaşsyzlyk – türkmen edebiýatynyň ösüşinde henize çenli görlüp-eşdilmedik täzeçe özgerişi, milli ruhy galkynyşy amal eden düýpli öwrülişikdir. Ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda şular ýaly eýýamlaýyn öwrülişik bolanynda, durmuş hakykatlaryny dogruçyl beýan etmekde edebiýatda kyssa bilen deňeşdirilende şygyr has köpräk döredilýär. Çünki, şygryýetde gündelik wakalara şahyrana seslenmeler öz wagtynda çeper beýanyny tapýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen şygryýeti Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady-syýasy özgertmeler bilen aýakdaş gidip, durmuş bilen deň-derejede ösmäge başlady. Netijede bolsa, häzirki `zaman` türkmen şygryýetinde henize çenli görlüp eşidilmedik milli ruhy galkynyş, täzeçillige baý düýpli şahyrana öwrülişik peýda bolup, şonuň esasynda-da täze döwrebap temalar döredi. Şol döwrebap temalaryň iň naýbaşysy bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetine guwanmak, buýsanmak temasy bolup durýar. Bu temanyň häzirki zamanyň türkmen edebiýatynda döremeginiň özi bir syýasy hadysadyr. Hut şu nukdaýnazardanam, okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän goşgulary «Syýasy lirika» diýip häsiýetlendirýärler. Ýöne, bu babatda belli edebiýatçymyz Rahman Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabyndaky: «Umuman, alanyňda syýasy däl lirika ýok. Lirika, tutuşlygyna, onuň ähli žanrlary syýasy hadysadyr. Ol tutuşlygyna durmuşy tendensiýaly, belli `estetik` idealyň nukdaýnazaryndan beýan edýär we düşündirýär. Şuňa görä-de bu ýerde «Syýasy lirika» termini şertli alynýar.» – diýen ylmy garaýşyny ünsden düşürmeli däldiris. Çünki, bu ýerde halypa alymymyzyň lirikanyň ähli görnüşlerine syýasylygyň mahsusdygy, şonuň üçin-de «Syýasy lirika» terminiň şertli alynýandygy barada öňe sürýän pikirleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän şahyrana eserleriň häzirki `zaman` türkmen edebiýatynda syýasy lirikanyň täze bir ykdysady temany däl-de, eýsem, «Syýasy lirikidan» düýpgöter aýratynlykda täze bir «Ykdysady lirikany» döredenligini aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady lirika liriki žanryň ylmy esaslarynyň talaplaryny hem doly ödeýär. Filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabyndaky: «Lirika ynsanyň öz `içki` dünýäsini: şatlygyny-gaýgysyny, söýgüsini-ýigrenjini, gülküsini-agysyny lükgesi bilen ynanýan syrdaşydyr. Lirika ynsanyň şatlygyna şatlanyp, söýgüsine söýgi, gülküsine gülki goşýan, gaýgysyny paýlaşýan, agysyna aglaşýan gudratdyr.» - diýen ylmy nazaryýetine görä, islendik liriki eser belli bir liriki tema degişli boljak bolsa, şol temadaky şygyrlar adamyň `içki` dünýäsinde püre-pürlenen duýgusyndan syzlyp çykan şatlygynam-gaýgysanam, begenjinem-gynanjynam beýan etmeli. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Garaşsyzlygyň bahasyna ýetilmesiz gymmatyny halkymyza düşündirip ýazan «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly goşgusynyň: «Günümiz kyn haçan düzeler» diýip Mydam söz açmany halaýarsyň sen, «Oglan aglar, tudana wagtynda bişer», Ortarak günüňden nalaýarsyň sen, Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma, Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň. Garaşsyzlyk alan günüň ertesi, Bada-bat bal aksynmy, her gapydan. Seniňçe, sanlyja aý-gün geçmänkä, Süri inmelimi, ýaýrap ýapydan, Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma, Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň - diýen şahyrana setirlerinde ýurdumyzyň mundan 30 ýyl ozalky – döwlet berkararlygyna eýe bolan ilkinji günlerindäki halk hojalyk durmuşy, türkmen raýatlarynyň şol döwürdäki ykdysady ýagdaýy beýan edilýär. Ýöne, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde «Müň gün» maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti örän tiz galkynyp başlady. Milli ruhdaky bu ykdysady galkynyşy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew özüniň «Müň gün» atly publisistik poemasynyň: Hereketli, Bereketli Müň Günüm, Tebähetli, Sagadatly Müň Günüm, ...Dek düýnüň özünde düýbi tutulan, Fabriklerde pamyk egirip berýär, Diýarymyň alys-ýakyn çetine, Hem ilimiň goňşy ýurt-döwletine, Akdaş menzil çekip, demirýol gurýar Türkmen topragynyň mähir-ýylysyn, Allaň beren baýlygynyň ulusyn, Turba salyp, gazyn-mawy ýangyjyn, Çekip barýar yklymlardan yklyma - diýen setirlerinde örän çeper beýan edýär. Diýmek, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly şygry bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemasy liriki esere degişli ähli aýratynlyklary özünde jemleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, häzirki `zaman` türkmen edebiýatynda «Ykdysady lirika» atly täze tema döredi diýip arkaýyn aýdyp bileris. Belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebow geçen asyrda liriki eserleri tematikasy boýunça «Syýasy lirika», «Zähmet lirikasy», «Söýgi lirikasy» diýen üç sany iri mowzuga böldi . Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen şygryýetinde dördünji bir iri temanyň – «Ykdysady lirikanyň» döremekligi hem tötänden däldir. Çünki, bu temanyň liriki eserlerde döremekligi ýurdumyzyň halk hojalygynda mundan 30 ýyl ozal – döwlet berkararlygymyza eýe bolan ilkinji günlerimizde bazar ykdysadyýetine geçmeklikde saýlanylyp alnan usul bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bazar ykdysadyýetine geçýän ýurtda bolsa ykdysady galkynyşlar giň gerim bilen günsaýyn rowaçlanýar. Durmuşy, daşky dünýäsi ykdysady öwrülişik bilen bagly bolup, ykdysady galkynyşdan galkynan şahyrlaryň döredijiligi, elbetde şol ykdysady özgertmelerden üzňe bolup bilmez. Çünki, Jora Allakowyň «Edebiýat ylmyna giriş» atly okuw gollanmasynda beýan edilişi ýaly, lirikada daşky dünýäniň hadysalarynyň, wakalarynyň, şahyrda döreden joşgunly duýgulary suratlandyrylýar . Hut şu nukdaýnazardan hem, ykdysady galkynyşlary joşgunly beýan edýän goşgular, elbetde liriki eser, onda-da ykdysady lirika degişli liriki eser hasaplanýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda biziň ýurdumyzyň bazar ykdysady gatnaşyklaryna döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri kem-kemden we tapgyrlaýyn ýagny, döwürleýin usulda geçýändigi barada beýan edilýär . Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçmekligiň üçünji tapgyry – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowam edýär. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir» atly kitabyndaky: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» - diýen parasatly taglymy biziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn ýagny, döwürleýin usulda geçmekligiň birinji döwrüniň berkarar bolmak döwri, ikinji döwrüniň bolsa Beýik Galkynyş eýýamy diýlip atlandyrylandygyny mese-mälim aýan edýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda bazar ykdysady gatnaşyklaryna geçmeklikde saýlanylyp alnan ugur Garaşsyzlyk zamanasynyň edebiýatyny öz içinde: 1. Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty 2. Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty 3. Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty – diýen üç döwre bölmeklige mümkinçilik berdi. Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýatynda ykdysady lirikada döredilen goşgulara Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly, Süleýman Ilamanowyň «Geçiş döwri» atly şygyrlaryny, «On ýyl abadançylyk» maksatnamasy barada söz açýan Süleýman Ilamanowyň «Baldan zyýada» atly, Näzik Annatyýewanyň «Ýaşyl tuguň tolkuny» atly goşgulary bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýewiň «Maksatnama» poemasyny, «Müň gün» maksatnamasy barada döredilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Goldaýan «Müň günlük» maksatnamany» atly şygry bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemasyny, 1996-njy ýylyň 13-nji maýynda açylyp ulanylmaga berlen Tejen – Sarahs – Maşat demir ýoly barada ýazylan Hudaýguly Gurbanowyň «Tejen – Sarahs – Maşat» atly, Ilmyrat Pudakowyň «Polat ýollar» atly şygyrlaryny we başga-da birnäçe liriki eserleri mysal hökmünde görkezmeklik bolar. Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda ykdysady lirikada döredilen goşgular has giň gerime eýe boldy. Çünki, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary, öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, berkarar döwletimiziň ykdysady galkynyşlaryndaky batly gadamlar, henize çenli görlüp-eşidilmedik özgerişlikler we öňegidişlikler Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynyň publisistika žanrynyň ganatyny örän giňden germegine uly mümkinçilikler döretdi. Bu žanr bu döwürde milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli formada teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrüldi. Hut şu nukdaýnazaryň özi, çeper şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan edýär. Şeýlelik bilen, häzirki `zaman` türkmen şygryýetindäki ykdysady lirika publisistik eserleriniň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy. Syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky özgertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi. Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda Ykdysady lirikadan başga-da täze tema peýda boldy. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eýýamynyň ýüzüni şöhlelendirip, döwrüň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly şygryýete täze bir temany getirdi. Ol tema – beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly «aklyk» pelsepesidir. Filologiýa ylymlarynyň doktory Öde Abdyllaýew «Edebiýat nazaryýeti» atly kitabynda liriki eserleriň tematik taýdan pelsepewi lirika mowzugyna-da bölünýändigini beýan edýär . Munuň özi bolsa, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň türkmen şygryýetinde tema täzeçilligi hökmünde dörän «Aklyk» pelsepesini ylmy nazaryýet taýdan liriki eserleriň pelsepewi lirika mowzugyna goşmaga esas döredýär. Diýmek, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda liriki eserleriň iki sany uly temasy – «Ykdysady lirika» bilen ««Aklyk» pelsepewi lirikasy» öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň bu ajaýyp döwrüň edebiýatyna getiren «Aklyk» pelsepewi lirikasy zamananyň şahyr nesli üçin jöwhermaýa gönezligi boldy. Çünki, munuň özi döwrümiziň şahyr halky üçin özboluşly bir tema täzeçilligidir. Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynda-da Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatyndaky edebi özgerişiň dowam edip, häzirki `zaman` türkmen şygryýetiniň şahyrana pikir we çeper mazmun taýdan kämilleşmegi netijesinde Ykdysady lirikada we «Aklyk» pelsepewi lirikasynda döredilen şygyrlaryň sany has-da köpeldi. Bu şygyrlar milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylan uly ykdysady öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň çeper şygryýetde täze bir hil derejesine eýe bolan temany we ideýa-mazmuny döredenligini mälim etdi. Şeýle-de, bu liriki eserler ata Watanymyz Türkmenistana bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmaklykda esaslandyrylan iki sany täze zamanany – ozalky Beýik Galkynyş eýýamyny hem-de häzirki Bagtyýarlyk döwrüni yglan eden we şu döwürlerdäki ýurdumyzyň uly ykdysady-syýasy ösüşlerini amala aşyran hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hoşallygyň häzirki `zaman` türkmen şygryýetiniň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezdi. Bulardan başga-da, Ykdysady lirikada we «Aklyk» pelsepewi lirikasynda döredilen goşgular Beýik Arkadagly ajaýyp zamanamyzyň çeper şygryýetinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, hormatly Prezidentimize, günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç-buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çykanlygyny aýan edýär. Mertebesi belent hornatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmeklikde esaslandyran iki sany ajaýyp döwrüniň edebiýatynda «Aklyk» pelsepewi lirikasy ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýär. Munuň özi Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen şygryýetinde diňe bir täzelik bolman, eýsem uly bir öňegidişlikdir we çeperçilik hildir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Ykdysady lirikada we «Aklyk» pelsepewi lirikasynda döredilen goşgularda «Taryhylyk» ýa-da «Taryhy žanr» diýen edebi adalga has giň gerim bilen öz beýanyny tapýar. Belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebowyň «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly kitabynda: «Taryhy žanr – taryhy wakalary we şol taryhy wakalaryň içinde hereket edýän taryhy şahslary ýazyp görkezýän dürli žanrdaky eserlerdir. Taryhy temany işlemeklik üçin, awtor ilki şol döwrüň ykdysady we syýasy ýagdaýyny miras galan resminamalaryň üsti bilen pugta öwrenmelidir ýa-da onuň özüniň görkezýän taryhy hadysalarynyň gatnaşyjysy bolmagy gerek. Şu esasda ýazylan taryhy eseriň uly öwredijilik ähmiýeti bar.» - diýip bellän ylmy nazaryýeti hem Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Asly barly, nebit gazly Watanym», Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýewiň «Samandepe», Orazguly Annaýewiň «Demir ýoly – ömür ýoly», «Geljege barýan ýol», Döwletgeldi Annamyradowyň «Ruhubelent etraby», şahyrlar Akmyrat Rejebowyň «Ruhubelent etraby açylanda ýazylan goşgy», Süleýman Ilamanowyň «Arkadagyň nurly paýhas ummany», Nowruz Gurbanmyradowyň «Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat» , Ogultäç Oraztaganowanyň «Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi» atly goşgularynyň, Kakamyrat Rejebowyň «Döwletli-döwranly türkmen» poemasynyň «Taryhy žanra» degişli liriki eserlerdigini aýan edýär. Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýatynda «Taryhy žanrda» ýazylan liriki eserler näçe diýseň kän. Toýly Jänädow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy Edit 04.10.2021 14:46, edebiyatçi