Arkadagly zamana – belent ylham ynsana

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna gelen gününden bäri ata Watanymyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde geçilen ýüz asyrlyk ýol döwletimizde bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmaklykda ädilen Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň hem-de häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda dowam edip duran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatyny esaslandyrdy we onuň many-mazmun taýdan düýpli özgermegine, baýlaşmagyna diýseň uly täsir etdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, berkarar döwletimiziň ykdysady galkynyşlaryndaky batly gadamlar, henize çenli görlüp-eşidilmedik özgerişlikler we öňegidişlikler häzirki zaman edebiýatynyň publisistika žanrynyň ganatyny giň germegine uly mümkinçilikler döretdi. Bu žanryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli formada teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrülendigini Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň “Dünýä ýollar salan ädimleriňden”, “Barlygyňda arkaýyn biz Arkadag”, “Ýedi binaň – ýedi bagtyň Arkadag”, “Ömürlere özüň derman Arkadag”, “Beýik ýoly bina kylan Arkadag”, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň “Döwletli”, “Maryda iki gün”, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hemraguly Hudaýgulyýewiň “Arkadag bile”, Süleýman Ilamanowyň “Arkadagyň nurly paýhas ummany”, häzirki zaman edebiýatynyň ýaş parlak ýyldyzy Kakamyrat Rejebowyň “Döwletli döwran” atly uly göwrümli poemalary hem aýan edýär.Hut şu nukdaýnazaryň özi, çeper şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan edýär. Şeýlelikde, häzirki zaman edebiýatynda täze bir ykdysady lirika kemala gelip, publisistiki eserleriniň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy. Söýgi lirikasynda Watana söýgi, ata-enä söýgi, söwer ýara söýgi, perzende söýgi, dost-ýara söýgi temasynda goşgularyň bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky we ş.m öz-gertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi: 1. Nebit-gaz pudagyna degişli ykdysady lirikadaky goşgular:Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisine bagyşlap Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Asly barly, nebit gazly Watanym”, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Samandepe”, Süleýman Ilamanow “Türkmen gazy – dünýäň ýazy”, Ahmet Mämmedow “Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi” atly goşgularyny, Türkmenistan – Eýran gaz geçirijisine bagyşlap Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Mähir bolup akýar türkmeniň gazy” Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hemraguly Hudaýgulyýew “Sarahsdan Hangerana gaz akýar” atly şygyrlaryny, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Döwletli diýarym, baýly-gym barym”, Ahmet Mämmedow “Mawy gazym lowurda”, Nowruz Gurban-myradow “Dünýäň nazarynda ýene Aşgabat” atly goşgularyny, Belek gaz gysyjy bekedi barada Nowruz Gurbanmyradow “Belek” atly şygryny, “Galkynyş” gaz käni barada şygryýet şygryýet äleminiň ýaş parlak ýyldyzy Kakamyrat Rejebow “Döwletli-döwran” poemasyny ýazdy. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda amala aşyrýan işleri häzirki zaman edebiýatynda taryhylygy emele getirdi. 2. Oba hojalygyna degişli ykdysady lirikadaky goşgular: Ruhubelent etraby barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Galkynyşa ganat bu”, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Annamyradow “Ruhubelent etraby”, Miwe Tuwakbaýewa “Ruhubelent ýaýlasy”, “Bugdaý sünbülleri Ruhube-lendiň” atly şygyrlaryny, Döwletli etraby barada Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa “Döwletliden döwlet tapan döwletli”, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Döwletli” atly şygryny, Altyn sähra etraby barada-da Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Maryda iki gün” poemasy-ny, Ata Täzebaýew “Altyn sähra etrabym”, “Altyn sähram”, “Nurana agşam” atly şygyrlaryny ýazdylar. “Altyn asyr” Türkmen köli barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “Sary sähraň ýaşyl göli” poemasyny, Süleýman Ilamanow “Altyn köl”, Tagangül Taganowa “Altyn asyr köli”, Allaýar Çüriýew “Türkmen köli”, Aýjemal Omarowa “Garagumuň göwheri” atly şygyrlaryny, dur-ky täzelenen Babaarap obasy barada Türkmenis-tanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa “Babaarap obasy”, Oguljemal Çaryýewa “Babaarap Gülşeni” atly goşgularyny, Garlyk şäherçesi barada Akmyrat Rejebow “Garlyk galkynýar”, Tegangül Taganowa “Mähribanlyk”, Bäşim Ataýew “Il bile” atly şygyrlaryny, häzirki zamanamyzda “Bagtyýarlyk” şäherçesi diýip döwrebap ada eýe bolan Baýramaly etrabynyň Üçajy şäherçesi barada Süleýman Ilamanow “Şa gadamyň gudraty”, Nowruz Gurbanmyradow “Şa gadamyň bagt eçilýär, Arkadag” atly goşgularyny döretdiler. 3. Ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ykdysady lirikdaky goşgular: Paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly barada Süleýman Ilamanow “Arkadagyň ak ýollary nurana” şygryny, Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa “Beýik köpri”, Süleýman Ilamanow “Köňülleriň köprüsi” atly goşgularyny, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew “Demir ýoly – ömür ýoly”, Döwletgeldi Annamy-radow „Dostluk ýollary“,Seýitmämmet Hydyrow “Beýik ýüpek ýolunyň parça-sy”,Mämmetnazar Babanazarow „Ady ak ýollara ýaraşan Watan“, Hojaberdi Baýramow „Watanyň biliniň polat guşagy“atly şygyrlaryny,Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýoly barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew “Geljege barýan ýol” , Begenç Baýnepesow bolsa „Halklaryň dostlugy“ atly goşgularyny, ýurdumyzda hereket edýän häzirki zaman täze demir ýol otlulary barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowa “ Ak ýollar, aýdyň ýollar” atly şygryny ýazdy. 4. Milli syýahatçylyk ulgamyna degişli ykdysady lirikadaky goşgular: Awaza milli syýahatçylyk zolagy barada Ahmet Mämmedow “Awazanyň gijeleri”, Hudaýguly Gurbanow “Awazanyň aýdymyndan doýma ýok”, Amanmyrat Maýew “Awaza”, Eziz Ykbal “Gözel mekan Awazada” atly şygyrlaryny döretdiler. Diýmek, ykdysady lirikada döredilen şygyrlar hormatly Prezidentimiziň amala aşyrylan uly ykdysady öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň çeper şygryýetde täze bir hile eýe bolan temany we ideýany döredenligini mälim etdi. Şeýle-de, ol ata Watanymyz Türkmenistana bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmaklykda esaslandyrylan iki sany täze zamanany – ozalky Beýik Galkynyş eýýamyny hem-de häzirki Bagtyýarlyk döwrüni yglan eden we şu döwürlerdäki ýurdumyzyň uly ykdysady-syýasy ösüşlerini amala aşyran hormatly Prezidentimize bolan çäksiz minnetdarlygyň şu döwrüň şygryýetiniň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezdi. Bulardan başga-da, ykdysady lirikadaky goşgular döredilen döwrüniň çeper şygryýetinde Garaşsyz baky Bitarap Türkme-nistan döwletine, hormatly Arkadagymyza günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çykanlygyny aýan edýär.Ýeri gelende aýtsak, zamanamyzyň milli söz sungatynyň beýik Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eýýamynyň ýüzüni şöhlelendirip, döwrüň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly şygryýete täze bir temany getirdi. Ol tema şu günüň möhüm temasy bolup durýar. Çünki ol tema – beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly „ak“ pelsepesidir.Gözel Şagulyýewanyň häzirki döwrüň edebiýatyna getiren bu pelsepesi bolsa zamananyň şahyr nesli üçin hamyrmaýa gönezligi boldy. Çünki, munuň özi döwrümiziň şahyr halky üçin özboluşly bir tema täzeçilligidir. Olaryň bu ugurda bitiren hyzmatlary bilen,häzirki zamana-myzyň şygryýetinde „ak“ pelsepesini wasp edýän täze bir liriki gahrymanam geldi. Has dogrusy, döwrümiziň şahyrlary biziň hormatly Arkadagymyz bilen ak daňlara, ak ertelere barýan, ösýän, geljekde mundan-da batly ösjek Watanymyzyň ak ýollarynywasp edýän bir liriki gahrymany şygryýetimize getirdi. Bu ýagdaýy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Aýjemal Omarowanyň Garlyk şäheri barada ýazan “Berkararlyk aýdymy” atly şygrynyň: Adyň Garlyk, sen –aklygyň şäheri, Arkadagdan gülläp ösýän badyň bar. Garlyk diýmek aňladýar ol aklygy, Garlyk diýmek – rysgal, döwlet, bereket... – diýen, häzirki zaman türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Kakamyrat Rejebowyň“Awaza” barada ýazan “Ak, Awaza” atly goşgusynyň: Ynha, ak “Awazaň”! Synla, Arkadag! Dumly-duşda nurly köňlüň şuglasy! Ylham tapan gijeleriň joşguny, Ak daňlaryň gaýmak bolup çogmasy! – diýen setirlerinde-de anyk-aýdyň görmek bolýar.Diýmek, Gahryman Arkadagly zamanamyzyň çeper şygryýetinde aklyk simwolik pelsepesi ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýär. Munuň özi häzirki döwrüň şygryýetinde diňe bir täzelik bolman, eýsem uly bir öňegidişlikdir we çeperçilik hildir. Hut şu nukdaýna-zardan, Gahryman Arkadagly zamanamyzyň şygryýeti hormatly Prezidentimiziň „ak“ pelsepesinden uj alýanbeýik-beýik işlerine, ak ýol bilen barýan Watanymy-zyň ak ertelerine halkymyzda, okyjylarda, şygryýet muşdaklarynda guwanmak-buýsanmak duýgusyny has-da ösdürip, Watana, ak ertelere bolan çäksiz söýgüni oýarýan, şeýle gowy hyzmatlary ýerine ýetirýän täsin şygryýetdir. Toýly Jänädow

edebiyatçi

Arkadagly zamana – belent ylham ynsana

Garaşsyzlyk – döredijiligiň ylham gönezligi